Täzelikler

SAHYPA TAPYLMADY


SYÝASAT

Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň Imperatory Naruhito bilen duşuşdy

2025-nji ýylyň 15-nji aprelinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Imperator Naruhito bilen duşuşdy. Duşuşyk Ýaponiýanyň Imperatorynyň köşgünde geçdi.
Ýaponiýanyň Imperatory Türkmenistanyň Prezidentini mähirli mübärekläp, häzirki wagtda iki dostlukly ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň ösüşiň täze derejesine çykandygyny aýtdy hem-de Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Ýaponiýa ilkinji saparynyň ähmiýetini belledi.
 Şeýle-de Imperator döwlet Baştutanymyzy “EKSPO - 2025” Bütindünýä sergisinde Türkmenistanyň Milli gününiň geçirilmegi bilen gutlady we bu waka mynasybetli dabaralaryň ýokary guramaçylyk derejesine ünsi çekdi. Ýurdumyzyň bu sergä gatnaşmagynyň onuň ähli ugurlarda gazanýan üstünliklerine şaýatlyk edýändigi aýdyldy.
Döwlet Baştutanymyz hoşniýetli sözler we bildirilen myhmansöýerlik üçin minnetdarlygyny beýan edip, Imperator Naruhitony Bütindünýä sergisiniň açylmagy bilen gutlady we şu günki duşuşygyň Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de berkitmekde täze tapgyr boljakdygyna ynam bildirdi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Imperator Naruhito türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň iberen salamyny ýetirdi.
Imperator Naruhito ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmekde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň uly şahsy goşandyny belläp, mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.
Duşuşygyň dowamynda nygtalyşy ýaly, iki ýurduň arasynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmek üçin ägirt uly mümkinçilikler bar. Ýaponiýa öňdebaryjy tehnologiýalary we ösen senagaty bilen bellidir. Tebigy serişdeleriň ägirt uly gorlaryna eýe bolan Türkmenistan, öz gezeginde, ýapon tehnologiýalaryny ulanmak arkaly bu baýlyklary has netijeli peýdalanmaga çalyşýar.
Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň ýokary tehnologiýalar ulgamynda Türkmenistanyň esasy hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýandygyny aýdyp, energiýanyň dikeldilýän çeşmeleri, maglumat tehnologiýalary, ekologiýa, durnukly ösüş ýaly ugurlarda mundan beýläk-de hyzmatdaşlyk etmegiň iki ýurt üçin hem gowy netijeleri berjekdigine ynam bildirdi.
Medeni-ynsanperwer ulgam ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň möhüm ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Ýapon medeniýeti, sungaty we däp-dessurlary Türkmenistanda hemişe uly hormat hem-de gyzyklanma döredýär. Şunuň bilen birlikde, türkmen medeniýetine-de Ýaponiýada uly gyzyklanma bildirilýär.
Imperator Naruhito bilim ulgamynda ýola goýlan hyzmatdaşlygyň ähmiýetini belläp, Türkmenistanyň orta we ýokary okuw mekdeplerinde ýapon diliniň öwredilmeginiň örän guwandyryjydygyny aýtdy.
Duşuşygyň dowamynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ýaponiýa bilen hyzmatdaşlyga ýokary baha berýändigini we ony mundan beýläk-de pugtalandyrmaga taýýardygyny tassyklap, ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmäge goşýan ägirt uly şahsy goşandy üçin Imperator Naruhito minnetdarlyk bildirdi.
Duşuşygyň ahyrynda döwlet Baştutanymyz hem-de Ýaponiýanyň Imperatory uzak möhletleýin strategik hyzmatdaşlygyň iki ýurduň dostlukly halklarynyň bähbidine mundan beýläk-de dowam etdiriljekdigine we täze many-mazmun bilen baýlaşdyryljakdygyna ynam bildirip, birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.