SYÝASAT
Türkiýe Türkmenistanyň tebigy gazynyň Ýewropa üstaşyr geçirilmegini üpjün etmäge taýýar
Berlinde geçirilýän IV Türk-german energetika forumynyň dowamynda Türkiýäniň energetika we tebigy serişdeler ministri Fatih Dönmez Türkiýäniň türkmen tebigy gazyny ýewropa bazarlaryna üstaşyr geçirmäge taýýardygyny we munuň üçin mümkin bolan ähli zatlary etjekdigini beýan etdi. Bu barada Anadolu agentligi habar berýär.
Onuň aýtmagyna görä, Ankara bu günki gün diňe bir öz energetika howpsuzlygyny üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, ýakyndaky döwletlerinde hem meseleleriň aradan aýrylmagyna goşant goşmaga ymtylýar.
«Soňky döwürlerde Günorta-Gündogar Ýewropanyň köp sanly ýurtlary gaza bolan islegi kanagatlandyrmak meselesi boýunça Ankara ýüz tutýarlar. Türkiýe mundan beýläk hem goňşy döwletlerden Günbataryň bazarlaryna gaz ibermek meselesinde wajyp orny eýelär» - diýip, ol nygtady.
«Türkiýe Hazar sebitinden, aýratyn hem, Türkmenistandan energiýa serişdeleriniň ugradylmagyny üpjün etmäge taýýar. Biz şeýle hem ysraýyl gazyny eksport etmek üçin, uzak geljekde bolsa Yragyň gazyny ibermek üçin açykdyrys» - diýip ministr aýtdy.