Täzelikler

SAHYPA TAPYLMADY


SYÝASAT

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ "MERKEZI AZIÝA - RUSSIÝA" SAMMITINDÄKI ÖŇE SÜREN TEKLIPLERI WE BAŞLANGYÇLARY

2022-nji ýylyň 14-nji oktýabrynda Astana şäherinde geçirilen “Merkezi Aziýa-Russiýa” Sammitiniň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň çykyşynda Merkezi Aziýa döwletreleriniň we Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky dürli möhüm ugurlardaky hyzmatdaşlygy ýokary derejä çykarmaga gönükdirilen birnäçe teklipler we başlangyçlar öňe sürüldi.
Şu günki duşuşyk Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Russiýanyň dünýä hem-de sebit gün tertibiniň esasy ugurlary boýunça ysnyşykly köpugurly hyzmatdaşlygynyň dowam etdirilýändigini alamatlandyrýar diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Olaryň hatarynda döwletlerimiziň üstünlikli ösmeginiň, ykdysady we söwda gatnaşyklarynyň  giňeldilmeginiň we çuňlaşdyrylmagynyň, durmuş hem-de ynsanperwer wezipeleri çözmegiň esasy şerti hökmünde parahatçylygy, durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmek  möhüm ähmiýete eýe bolýar.
Soňky döwürde dünýä geosyýasatynda ýagdaýlaryň tamalary ödemeýändigini gynanmak bilen aýtmaly bolýarys. Munuň özi BMG-niň beýleki esasy institutlaryň netijeliligine täsir edýär. Döwletara gatnaşyklaryň many-mazmuny üýtgeýär. Gapma-garşylyklaryň, terrorçylygyň, ekstremizmiň we radikalizmiň howplarynyň çäkleri giňelýär.
Nygtalyşy ýaly, şeýle şertlerde Merkezi Aziýanyň döwletleriniň we Russiýanyň ysnyşykly, netijeli gatnaşyklary aýgytlaýjy ähmiýete eýe bolýar. Häzirki wagtda takyk utgaşykly syýasy-diplomatik iş, ýörite gulluklaryň ugry boýunça sazlaşykly hyzmatdaşlyk, biziň ýurtlarymyza we raýatlarymyza parahatçylygy, asudalygy hem-de döwlet esaslarynyň berkligine ynamy üpjün etmäge ukyply ygtybarly we uzakmöhletli gorag gurallaryny döretmek üçin maglumat serişdelerini, jemgyýetçilik institutlaryny herekete getirmek talap edilýär.
Şol bir wagtyň özünde bu ugurda halkara guramalarda bilelikdäki işi işjeňleşdirmek, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna hormat goýmak we olary netijeli durmuşa geçirmek işinde jebisligi we bitewüligi gazanmak zerur bolup durýar.
Sebit babatda öňüni alyş çärelerini, bolup biläýjek gapma-garşylyklaryň öňüni almagyň gurallaryny, munuň üçin bar bolan serişdeleri we tejribäni doly derejede ulanmagy zerur hasaplaýaryn diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sözüni dowam etdi.   
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz anyk ugurlara ünsi gönükdirmegi teklip etdi:
Birinji – biziň döwletlerimizde ýagdaýy durnuksyzlaşdyrmaga synaglara garşy durmak;
Ikinji – terrorçylygyň, ekstremizmiň, kiber- we biologik howplardan goranmagyň kepilliklerini üpjün etmek;
Üçünji – jemgyýetçilik aňyna ýalan many-mazmuny we ahlak ýörelgelerini  emeli ornaşdyrmaga garşy göreşmek;
Dördünji – dünýäde ýagdaýlaryň umumy çylşyrymlaşmagynyň bolup biläýjek ýaramaz täsirleriniň öňüni almak.
Ýokarda agzalan ugurlarda bilelikdäki işi işjeňleşdirmek maksady bilen, Daşary işler ministrlikleriniň arasynda altytaraplaýyn  geňeşmeleriň iş tertibini kadalaşdyrmagy maksadalaýyk hasaplaýarys diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy. Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow munuň ýörite gulluklaryň, beýleki düzümleriň işine hem degişlidigini  nygtap, ministrliklere we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylaryna ýokarda sanalyp geçilen wezipelerden ugur alyp, geňeşmeleriň algoritmini we mowzugyny işläp taýýarlamagy tabşyrmagy teklip etdi. 
Bellenilişi ýaly, Owganystandaky ýagdaý halkara gün tertibiniň aýratyn meselesidir. Şunuň bilen baglylykda, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Russiýanyň Owganystanda durnuklylyga deň derejede gyzyklanma bildirýändiklerine ynam bildirildi. Parahatçylykly, durnukly, sazlaşykly ösýän Owganystan biziň serhetlerimiziň, raýatlarymyzyň howpsuzlygynyň kepillikleriniň biridir.
Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň  Owganystandaky ýagdaýy syýasy taýdan kadalaşdyrmak boýunça halkara gurallary, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň, Russiýanyň, Eýranyň, Hytaýyň, BMG-niň edaralarynyň owgan ugrundaky tagallalaryny goldaýandygy nygtaldy.     
Owganystanyň halkara we sebit ykdysady gatnaşyklaryna goşulmagy möhüm meseledir. Soňky ýyllaryň dowamynda Türkmenistan  Owganystanyň  gatnaşmagy bilen iri düzümleýin taslamalaryň birnäçesiniň başyny başlady. Şolaryň hatarynda Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisi, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan ýokary woltly elektrik geçiriji ulgamy, optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamy, Türkmenistandan owgan ugry boýunça çekilýän demirýollar bar.
Şeýle taslamalaryň amala aşyrylmagy arkaly Owganystan ykdysady we durmuş taýdan ösüşiň strategik mümkinçiliklerine eýe bolýar, yklymda baglanyşdyryjy merkez hökmünde özüniň geografik artykmaçlyklaryndan peýdalanyp biler diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow aýtdy.
Altytaraplaýyn hyzmatdaşlygyň çäklerinde ykdysadyýet möhüm ileri tutulýan ugur bolup durýar. Biz bu babatda uly mümkinçilikleri görýäris. Munuň özi, ilkinji nobatda, energetika, senagat kooperasiýasy, dokma önümçiligi, obasenagat toplumy, logistika, täze tehnologiýalar, sebit söwdasy ýaly ugurlar bilen baglanyşyklydyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Ýurtlarymyzyň işewürlerini has ysnyşykly hyzmatdaşlyga höweslendirmegiň zerurdygy; hemişelik hereket edýän Merkezi Aziýa+Russiýa  işewürler ulgamynyň döredilmeginiň başyny başlamak mümkinçiligi; bu ulgamlarda esasy teklipleriň hatarynda görkezildi. Onuň barşynda söwda-hyzmatdaşlygyň dürli meselelerine garalyp bilnerdi.
Ýurtlarymyzyň çäklerinde ulag gatnawlarynyň we üstaşyr geçirmegiň köp şahaly düzümini gurmak arkaly döwrebap, ulag-üstaşyr we kommunikasiýa ulgamlaryny döretmek aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Şol ulgamlar Dünýä ummanyna çykmak arkaly kontinental Ýewraziýanyň giňişligini öz içine alar diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow aýtdy. 
Türkmenistan Ýewraziýa giňişliginde ulag gatnawlaryny kadalaşdyrmak babatda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýanyň öňünde açylýan mümkinçiliklerden has doly peýdalanmaga tagallalary gönükdirmegi zerur hasaplaýar.
Şunuň bilen baglylykda, Russiýadan Merkezi Aziýanyň üsti bilen Hindi ummanyndaky deňiz menzillerine çenli “Demirgazyk-Günorta” ulag geçelgesiniň işiniň işjeňleşdirmek meselesine garamak zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi we Türkmenistanyň öz çäginden Pars aýlagyna, Eýranyň portlaryna we şol ýerden Hindistana gysga ýola üpjün edilýän ýurt hökmünde bu taslamany durmuşa geçirmäge girişmäge taýýardygyny tassyklady.   
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşlyk barada aýdyp, Türkmenistanyň ýurtlarymyzyň arasyndaky medeni, ynsanperwer, ylym, bilim, sport, syýahatçylyk gatnaşyklaryny ösdürmek we çuňlaşdyrmak ugrunda çykyş edýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, geljek ýylda Merkezi Aziýanyň we Russiýanyň halklarynyň medeniýet we sungat festiwalyny guramak barada oýlanmak teklip edildi.
GDA döwletleriniň Baştutanlarynyň Geňeşiniň şu gün geçirilen mejlisinde GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň işi barada maglumat diňlenildi. Onda bu möhüm guramanyň işi bilen baglanyşykly esasy ýagdaýlar bellenildi diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Şunuň bilen birlikde, Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýanyň Baştutanlarynyň Sammiti bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şu ýylyň maý aýynda Aşgabatda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Mälikgulyýewiç Berdimuhamedowyň  başlangyjy boýunça ýokary derejede birinji “Merkezi Aziýa – Russiýa” parlamentara forumynyň hem-de biziň ýurtlarymyzyň Zenanlarynyň dialogynyň geçirilendigini nygtady. Parlamentara forumy şu duşuşygy guramak üçin esas boldy diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi we ýöne, gynansak-da, şu gün bu wakalar barada  aýdylmandygyny belledi. Şunda şeýle forumlaryň geçirilmeginiň, ilkinji nobatda, bilelikdäki hyzmatdaşlygy hem-de özara gatnaşyklary ösdürmek nukdaýnazaryndan örän wajyp bolup durýandygyna aýratyn üns çekildi.  
Sözüniň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň ýurtlarymyzyň arasyndaky doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk, deňhukuklylyk ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklaryň ösdürilmegine berk ygrarlydygyny, mundan beýläk-de döredijilikli gatnaşyklara taýýardygyny tassyklady hem-de şu ýere gatnaşýan döwlet Baştutanlarynyň her birine bu işe uly şahsy goşandy üçin minnetdarlyk bildirdi.