SYÝASAT
ÝUNISEF we Türkmenistan çaga hukuklary boýunça 2023-2028-nji ýyllar üçin Milli meýilnamany taýýarlaýarlar
11-nji oktýabrda ÝUNISEF Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty bilen bilelikde çaga hukuklary boýunça 2023-2028-nji ýyllar üçin hereketleriň täze Milli meýilnamasyny (HMM) taýýarlamak boýunça üç günlük geňeşmelere başlady.
Täze meýilnama Türkmenistanyň Prezidentiniň 2022-2028-nji ýyllarda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda bellenilen ileri tutulýan milli ugurlar, şeýle hem öňki hereketleriň Milli meýilnamasyndan alnan esasy maslahatllaryň we öňdebaryjy iş tejribesiniň esasynda taýýarlanylýar.
ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekiliniň orunbasary Aleksandru Narteanyň bellemegine görä, «bu hökümetiň çagalara ygrarlylygynyň ýokary derejesini görkezýän Türkmenistanda çaga hukuklary boýunça ikinji meýilnamadyr, ol Durnukly ösüş maksatlarynyň çagalar we çaga hukuklary barada Konwensiýadan gelip çykýan borçlar bilen baglanşykly pudagara hem-de köpugurly hyzmatdaşlygyny giňelder we çuňlaşdyrar».
Geňeşmeler hereketleriň täze Milli meýilnamasynyň maksatlaryny we wezipelerini taýýarlamaga ýardam etmeklige niýetlenendir, onuň amala aşyrylmagy hyzmatdaşlaryň ählisiniň tagallalaryny we goşandyny talap eder. Adam hukuklary we halkara ynsanperwer hukuklary babatda Türkmenistanyň halkara borçlaryny ýerine ýetirişini üpjün etmek boýunda Pudagara toparynyň agzalary täze meýilnamanyň gurluşyny we mazmunyny ara alyp maslahatlaşýarlar, onuň düzümine ministrlikleriň we döwlet edaralarynyň wekilleriniň 22-si girýär. Ol Türkmenistanda çagalaryň abadanlygyny goldamak maksady bilen köpsanly hökümet ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, şeýle hem ençeme raýat jemgyýetleridir jemgyýetçilik guramalary bilen hyzmatdaşlyk edýän ÝUNISEF-iň köpýyllyk iş tejribesine laýyk gelýär.