SYÝASAT
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI «MERKEZI AZIÝA-KOREÝA RESPUBLIKASY» 15-NJI HYZMATDAŞLYK FORUMYNA GATNAŞDY
2022-nji ýylyň 25-nji oktýabrynda Koreýa Respublikasynyň Pusan şäherinde «Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy» Hyzmatdaşlyk forumynynyň 15-nji mejlisi geçirildi we oňa Koreýa Respublikasynyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýokary wezipeli wekilleri, şol sanda Türkmenistanyň, Özbegistanyň, Gazagystanyň, Täjigistanyň we Gyrgyzystanyň Daşary işler ministrleri gatnaşdylar.
Forumyň dowamynda Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministri Pak Jin Merkezi Aziýa ýurtlarynyň dürli ugurlar, şol sanda energetika we infrastruktura ugurlary boýunça möhüm hyzmatdaşlary bolup durýandygyny belledi. Ol şeýle hem Merkezi Aziýa ýurtlarynyň wekillerini Pusanyň
EXPO 2030 sergisiniň geçiriljek şäheri hukugyny almak boýunça talapnamasynyň goldanylmagyny haýyş etdi.
Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy Raşid Meredow öz çykyşynda Merkezi Aziýanyň we Koreýa Respublikasynyň ählumumy uzakmöhletli parahatçylygyň we durnuklylygyň saklanylmagy ugrunda tagallalarynyň esasy şu gün wezipeleriň biri bolup durýandygyny belledi. Bu şertlerde, Meredow, biziň ýurtlarymyzyň arasynda syýasy-diplomatiki gatnaşyklaryň ornunyň artýandygyny, ikitaraplaýyn gyzyklanma bilirilýän meseleler boýunça yzygiderli we açyk pikir alyşmalaryň ýola goýulýandygyny nygtady.
Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy ylym ulgamynda, şol sanda telekommunikasuýalar we kosmos ulgamlarynda, suwuň süýjedilmekligi boýunça bilelikdäki hereketler üçin geljekki uly mümkinçilikelri barada aýdyp geçdi.
Forumyň dowamynda gatnaşyjy-ýurtlaryň diplomatlary we bilermenleri energetika, sanly tehnologiýalar, ykdysady howpsuzlyk, syýahatçylyk we saglygy goraýyş ugurlarynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň ýollaryny ara alyp maslahatlaşdylar.
Gatnaşyjylar Merkezi Aziýa döwletlerinipň we Koreýa Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklarynyň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygynyň we bu formatyň döredilmeginiň 15 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda bu forumyň aýratyn ähmiýetini bellediler.
Duşuşygyň netijeleri boýunça Daşary işler ministrleriň Beýannamasy we 2023-nji ýyl üçin «Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy» Hyzmatdaşlyk forumynynyň Sekretariatynyň Iş Meýilnamasy kabul edildi.