YLYM WE TEHNIKA
Türkmenistan bilen gaz aragatnaşyklaryny ýola goýmak — ÝB-niň strategiki ymtylyşlarynyň merkezinde
Türkmenistan bilen gaz aragatnaşyklaryny ýola goýmak — ÝB-niň Merkezi Aziýanyň nebitgaz serişdeleri babatda strategiki ymtylyşlarynyň merkezinde bolmagynda galýar. Bu barada Gruziýanyň Nebit we gaz korporasiýasynyň baş direktory Georgiý Çikowani «Türkmenistanyň nebiti we gaz» 27-nji Halkara maslahatynda eden çykyşynda belledi.
Çikowaniniň bellemegine görä, Türkmenistan 14 ýyldan gowrak wagt bäri, Günorta gaz geçelgesiniň bir bölegi hasaplanylýar.
Bu geçelge azerbaýjanyň, şeýle hem Merkezi Aziýanyň goşmaça akymlaryny işläp taýýarlamak üçin giňeldilip bilner. Bu bolsa Türkmenistana öz energiýa serişdelerini alternatiw bazarlara çykarmak üçin goşmaça mümkinçilikleri açar, diýip Çikowani hasaplaýar.
Şol bir wagtda ol Hazar deňzinde «Dostluk» ýatagyny bilelikde işläp taýýarlamak hakynda Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň ylalaşygynyň möhümligini belledi
«Häzirki wagta çenli energoüpjünçiligiň howpsuzlygy we diwersifikasiýalaşdyrylmagy babatda ÝB-niň gyzyklanmalary Türkmenistanyň eksport gazynyň ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça ymtylyşlary bilen gabat gelýär» diýip, Çikowani diňe bir ÝB-niň däl, eýsem, Azerbaýjan bilen Gruziýanyň hem Türkmenistandan tebigy gazyň ibermelerine gyzyklanma bildirýändigini belledi.
Şunuň bilen baglylykda, ol ÝB bilen Günorta Kawkaz we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Hökümetleriniň, şeýle hem senagat we halkara maliýe toparlarynyň arasynda ýakyn gepleşikleri geçirmeklige çagyrdy.