SYÝASAT
Raşid Meredow ABŞ-nyň Döwlet Departamentiniň wekilleri bilen duşuşdy
15-nji maýda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet Departamentiniň Diplomatik gullugynyň Baş direktory hanym Kerol Peres we ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň Günorta we Merkezi Aziýa işleri boýunça kömekçisiniň Birinji orunbasary Din Tompson bilen duşuşdy. Duşuşyga ABŞ-nyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Metýu Stiwen Klimou gatnaşdy.
Türkmenistanyň DIM-inde geçirilen duşuşykda
t
araplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meseleleriniň giň gerimini ara alyp maslahatlaşdylar, şeýle-de özara gyzyklanma bildirilýän halkara we sebit meselelerine seredip geçdiler. Şeýle hem, taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge özara ygrarlydygyny tassykladylar.
Şeýle hem taraplar howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly meselelerine hem üns berdiler. Bu ugurda netijeli ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmeginiň derwaýyslygy nygtaldy.
Diplomatlar Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklary ilerletmäge aýratyn üns berdiler. Şu nukdaýnazardan, Türkmen-Amerikan Işewürlik geňeşiniň işiniň ähmiýeti bellenildi.