Täzelikler

SAHYPA TAPYLMADY


SYÝASAT

Energiýanyň dikeldilýän çeşmeleri Ýewropanyň energetikasy üçin «halasgär» bolup bilmez, gaz ätiýaçlandyrmasy zerur — «Gazpromyň» ýolbaşçysy

Energiýanyň dikeldilýän çeşmeleri Ýewropanyň energetikasy üçin «halasgär» bolup bilmez diýip, «Gazpromyň» müdirliginiň başlygy Alekseý Miller Peterburg halkara ykdysady forumy – 2022-niň çäklerinde (PHYF-2022) «Dünýäniň nebit we gaz bazary: şu gün we ertir» sessiýasynyň çäklerinde belledi. Muny Interfaks ýetirýär.
«Energiýanyň dikeldilýän çeşmeleri barada aýdylanda — bu özgeleriň serişdeleriniň hasabyna öz serişdeleriňi almaga synanyşyk. Çünki olaryň syýasaty däp bolan serişdeleri iberijileriň munuň üçin tölemegine gönükdirilendi. Ekologiýa nukdaýnazaryndan energiýanyň dikeldilýän çeşmelerinde uglerod yzlary has hem agdyk» - diýip, ol belledi.
Mundan başga-da, dikeldilýän çeşmeler üçin hut tebigy gazyň hasabyna 100% ätiýaçlandyrmaklyk zerur diýip, «Gazpromyň» ýolbaşçysy ýatlatdy.
«Çig mal serişdeleriniň tükelmegi eýýäm amala aşan hakykat, Ýewropa — netto-import ediji» - diýip ol belledi.