SYÝASAT
Wood Mackenzie: Brent nebitiniň bahalary baryp 2025-nji ýylda 85-90 dollara düşer
Dünýä bazarlarynda ibermeleriň üýtgemegi bilen baglylykda nebitiň bahalary ýakyn ýyllarda ýokary bolmagynda galar, onuň bahalaryna hatda islegiň mümkin bolan pese gaçmasy-da täsir edip bilmez. Bular ýaly çaklamany Wood Mackenzie-niň analitikleri berýär diýip, Interfaks habar berýär.
«Islegiň has pes bolmagy bazarda dartgynlylygy gowşadar, emma nebitiň bahalary ýokary bolmagynda galar: täze hem-de has pes netijeli söwda deňagramlylygy bahalaryň aşaklamazdan öň, häzirki derejesinde saklanjakdygyny aňladýar. Soňlugy bilen nyrhlar uruşdan öňki çaklamadan hem has ýokarlanar. Şol bir wagtda, Brentiň barreliniň bahasy baryp, 2025-nji ýylda 85-90 dollara düşer, Ýewropada nebiti gaýtadan işlemegiň markasy bolsa 2030-njy ýyla çenli ýokary bolmagynda galar» - diýip Wood Mackenzie-niň habarynda aýdylýar.
Analitikleriň bellemegine görä, nebitiň emele gelen ýokary nyrhlary dünýä boýunça islegi aşakladýar. Çaklamalara görä, 2030-njy ýyla çenli isleg günde 2 mln barrele çenli azalyp biler.
Wood Mackenzie-de bellemeklerine görä, Russiýa günbataryň sanksiýalaryna garamazdan, beýleki ýurtlaryň satyn alyjylaryny, ilkinji nobatda, Hindistany ynandyryp, nebit ibermelerini üýtgetmegi başardy.
«Russiýadan ÝB importyň gönüden-göni gadaganlygy nebit we nebit önümleriniň söwdasynyň üýtgemegini diňe bir çaltlandyrýar. Bu hadysa eýýäm başlandy» - diýlip habarda aýdylýar.
Analitikleriň pikirine görä, ibermeleriň üýtgemegi nebitiň teklibi we ýylyň ahyryna çenli bahalary üçin aşa çylşyrymly ýagdaýlary döretmezden tamamlanar.