Täzelikler

SAHYPA TAPYLMADY


Sport

«Altyn Asyr II» topary wagtyndan öň çempionlyk derejesini gazandy

Ýokary liganyň futbol klublarynyň ýaşlar düzümleriniň gatnaşmagyndaky futbol boýunça Türkmenistanyň birinjiliginiň 12-nji tapgyrynyň duşuşyklary geçirilip, onuň netijesinde “Merw II” toparyny 5:0 hasabynda ýeňen “Altyn Asyr II” topary wagtyndan öň çempionlyk derejesini gazanmagy başardy. Geçiren 12 duşuşygynda 34 utuk toplan “Altyn Asyr II” toparynyň bassyr dördünji çempionlygyny gazanandygyny bellemek gerek.
Ýaryş tertibinde ikinji orny eýeleýän “Ahal II” topary bu tapgyryň duşuşygynda “Köpetdag II” topary bilen 1:1 hasabynda deňme-deň oýnady. Tapgyryň beýleki duşuşyklarynda “Nebitçi II” “Aşgabat II” toparyny (3:2), “Şagadamyň” ýaşlar düzümi bolsa myhmançylykda “Energetik II” toparyny (0:3) ýeňlişe sezewar etdiler.
Birinjiligiň 13-nji tapgyrynyň duşuşyklary 3-nji hem-de 4-nji dekabrda geçiriler: “Nebitçi-II” – “Energetik-II”, “Köpetdag-II” – “Şagadam-II”, “Merw-II” – “Ahal-II”, “Aşgabat-II” – “Altyn Asyr-II”.
12-nji tapgyryň duşuşyklarynyň netijeleri:
“Energetik II” – “Şagadam II” – 0:3
“Altyn Asyr II” – “Merw II” – 5:0
“Nebitçi II” – “Aşgabat II” – 3:2
“Ahal II” – “Копетдаг II” – 1:1
Çempionatyň tablisasy:
T/bToparlarOÝDUTU
1.“Altyn Asyr II”12111037-634
2.“Ahal II”1181235-1125
3.“Şagadam II”1152424-2017
4.“Aşgabat II”1243513-1515
5.“Merw II”124266-2014
6.“Köpetdag II”1234515-1213
7.“Nebitçi II”1232720-3011
8.“Energetik II”1211104-444