Sport
TÜRKMENISTANLY GYZ KURAŞ BOÝUNÇA DÜNÝÄ ÇEMPIONATYNYŇ BÜRÜNÇ MEDALYNY EÝELEDI
Hindistanyň Puna şäherinde geçýän kuraş göreşi boýunça 13-nji dünýä çempionatyndan hoş habarlar gelip başlady.
Ilkinji hoş habarda Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 2-nji ýyl talyby Aziza Gurbanowanyň üstünligi buşlanýar. 78 kilogram agram derejesinde bäsleşen ildeşimiz dünýä çempionatynyň bürünç medalyny gazandy.
Ýarym finala çenli ýeňişli ýoluň menzillerini külterlän türkmenistanly gyz diňe Günorta Koreýanyň hem-de Özbegistanyň wekillerinden asgyn geldi. Şunlukda, ol üçünji orna mynasyp boldy.
61 ýurtdan 178 türgeni jemlän kuraş boýunça dünýä çempionaty dowam edýär. Biz türkmen pälwanlarynyň medally ýoly mynasyp dowam etdirmeklerine garaşýarys