SYÝASAT
AŞGABATDA TÜRKMEN-AWSTRIÝA IŞEWÜRLIK MASLAHATY GEÇIRILDI
2022-nji ýylyň 29-njy noýabrynda Aşgabatda Türkmen-awstriýa işewürlik maslahaty geçirildi. Bu çäräni Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen Awstriýa Respublikasynyň Federal ykdysady edarasy bilelikde guradylar.
Şu gezekki duşuşyga gatnaşmak üçin Awstriýanyň maşyngurluşyk, bilim, sanly ulgam we elektron programma üpjünçiligi ulgamlaryna ýöriteleşen döwlet edaralarynyň, kompaniýalarynyň ýolbaşçylaryndan hem-de wekillerinden ybarat bolan wekiliýet paýtagtymyza geldi.
Türkmen tarapyndan foruma birnäçe ministrlikleriň hem-de pudak edaralarynyň wekilleri, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary gatnaşdylar.
Duşuşygyň gün tertibine iki ýurduň bar bolan ägirt uly söwda-ykdysady kuwwaty bilen baglylykda, Türkmenistanyň we Awstriýa Respublikasynyň pudak edaralarynyň hem-de işewür toparlarynyň özara bähbitli hyzmatdaşlygynyň geljegi uly ugurlary, hususan-da, senagat, energetika, oba hojalygy we ulag ulgamlaryndaky hyzmatdaşlyk bilen bagly meseleler girizildi.
Duşuşygyň dowamynda ykdysadyýetiň dürli ugurlarynda we maýa goýumlarda, ýokary tehnologiýalar ulgamynda gatnaşyklary täze derejä çykarmagyň ýollary, söwda dolanyşygyny giňeltmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy, bilelikdäki işler üçin anyk meýilnamalar kesgitlenildi.
Forumyň çäklerinde iki ýurduň ministrlikleriniň, edaralarynyň, hususy kompaniýalarynyň hem-de telekeçileriniň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi. Olaryň dowamynda resminamalara gol çekildi, täze gatnaşyklaryň ýola goýulmagy babatda ylalaşyldy, hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy