Sport
“Deňizçi” topary futzal boýunça ýurdumyzyň Naýbaşy ligasynyň ýeňijisi boldy
Türkmenbaşy şäheriniň “Deňizçi” topary futzal boýunça ýurdumyzyň Naýbaşy ligasynyň ýeňijisi boldy. Toparlaryň sekizisiniň gatnaşmagynda geçirilen Naýbaşy futzal ligasynyň ýeňijisi dört aýlawyň dowamynda geçirilen oýunlarda kesgitlenildi.
Çempionatyň soňky tapgyrynda “Ahal” toparyny 6:3 hasabynda ýeňlişe sezewar eden “Deňizçi” umumylykda 72 utuk toplap, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň “Köpetdag” toparyny 3 utuk öňürtmegi başardy. 57 utuk toplan “Senagatbank” topary hormat münberiniň üçünji basgançagyna çykdy. Ýeri gelende bellesek, “Deňizçi” topary ýurdumyzyň Naýbaşy futzal ligasynda bassyr ikinji ýyl çempionlyk derejesini gazandy.
Naýbaşy ligasynda ýeňiş gazanan Türkmenbaşy şäheriniň topary 2023-nji ýylda futzal toparlarynyň gatnaşmagynda geçirilýän AFK-nyň Çempionlar ligasyna gatnaşmaga mümkinçilik aldy.
Futzal birinjiliginiň jemi boýunça “Deňizçiniň” tälimçisi Ýakub Öwezow “Iň ökde tälimçi diýlip yglan edilen bolsa, bu toparyň derwezeçisi Meretgeldi Baýramow “Iň ökde derwezeçi” baýragyna mynasyp görüldi. “Janköýerleriň söýgüsine mynasyp bolan” ugrundaky baýragy “Daşoguz” toparynyň oýunçysy Hamid Menglibaýew eýeledi.
Iň köp top geçiren oýunçylaryň arasynda öňe saýlanan “Köpetdagyň” futzalçysy Gurbangeldi Sähedow “Iň ökde oýunçy” ugrunda hem öňe saýlandy. “Feýr-pleý” baýragy bolsa TNGIZT toparyna gowşuryldy.
Türkmenistanyň Futbol federasiýasy ýeňiji bolan toparlary, dürli ugurda öňe saýlanan futzalçylary gyzgyn gutlaýar.
27-nji tapgyryň netijeleri:
«Senagatbank» – «Gümrükçi» – 3:3
«Ahal» – «Daşoguz» – 6:2
«Milli goşun» – «Köpetdag» – 2:16
TNGIZT – «Deňizçi» – 4:6
28-nji tapgyryň netijeleri:
«Daşoguz» – «Senagatbank» – 4:11
«Gümrükçi» – «Milli goşun» – 9:0
«Köpetdag» – TNGIZT – 3:2
«Deňizçi» – «Ahal» – 6:3