YLYM WE TEHNIKA
Pirli Kepbanow: Ynam we düşünişmek hyzmatdaşlygy berkidýär
Aşgabatda Türkmenistanyň Bitaraplyk baýramynyň 27 ýyllygynyň bellenilmeginiň öňüsyrasynda, Merkezi Aziýa sebitinde howanyň üýtgemegi, suwdan peýdalanmak, azyk howpsuzlygy, maglumat we kommunikasiýa tehnologiýalary boýunça sebitde hyzmatdaşlygy ösdürmek babatda bäşinji Merkezi Aziýa bilermenler forumy geçirildi.
Türkmenistanda ilkinji gezek geçirilýän bu hünär forumyna sebitiň ähli ýurtlaryndan abraýly bilermenler we alymlar gatnaşdylar. BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi bu maslahatyň guramaçysy boldy. «Altyn asyryň» habarçysy bu maslahatyň işi barada Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Çöller institutynyň direktory, biologiýa ylymlarynyň kandidaty Pirli Kepbanow bilen söhbetdeş boldy.
– Forumda iň möhüm meseleler babatda sebitiň öňdebaryjy bilermenleri we alymlary bilen pikir alyşdyňyz . Forumyň mazmuny barada näme aýdyp bilersiňiz?
– Tejribeli bilermenleriň çuň manyly çykyşlaryny foruma gatnaşýan taraplaryň alymlary uly üns bilen diňlediler. Forumyň temalary howanyň üýtgemegine garşy göreşde hyzmatdaşlygy, suwdan peýdalanmak we Aral deňzi bilen baglanyşykly çäreleri öz içine aldy. Olaryň hatarynda azyk pudagynda we maglumat hem-de kommunikasiýa tehnologiýalarynda howpsuzlygy üpjün etmek meselesi hem bardy.
– Myhmanlaryň we hünärmenlerimiziň forumda eden çykyşlarynda howanyň üýtgemegi we olaryň sebite ýetirýän täsiri barada möhüm meseleler gozgaldy. Bu mesele bilen baglanyşykly häzirki döwürde biziň üçin iň möhüm zat näme?
– Birinjiden, howanyň üýtgemegi bilen bagly mesele adamzat durmuşynyň ähli ugurlaryna täsir etjek global meseledir. Ikinjiden, Türkmenistan beýleki köp ýurtlar ýaly, 2016-njy ýylyň oktýabr aýynda howanyň üýtgemegi boýunça Pariž ylalaşygyny tassyklap, öz borçlaryny doly ýerine ýetirýär. Bu talaplara laýyklykda 2019-njy ýylyň sentýabr aýynda Türkmenistanyň howanyň üýtgemegi boýunça Milli strategiýasynyň täze redaksiýasyna seredildi we ol kabul edildi.
Üçünjiden, meseläniň çynlakaýdygyna göz ýetirip, alymlarymyz we hünärmenlerimiz bu ugurdaky töwekgelçilikleri azaltmaga gönükdirilen ýörite çäreleri işläp düzdüler we teklip etdiler.
– Maslahata gatnaşan myhmanlar Garaşsyz Diýarmyzyň paýtagtynda näme bilen gyzyklandylar?
– Myhmanlar Garaşsyz Türkmenistanyň medeniýetde, ykdysadyýetde we beýleki pudaklarda gazanýan üstünlikleri hem-de ösüşleri barada uly gyzyklanma bildirdiler. Aşgabat şäherine ilkinji gezek gelen myhmanlar paýtagtymyzyň gözelligine we arassalygyna haýran galdylar.
Beren gürrüňleriňiz üçin sag boluň!