Täzelikler

SAHYPA TAPYLMADY


YLYM WE TEHNIKA

Tebigy çig maldan öndürilýän önümler

«Owadan ülke» zawody beýleki kompaniýalar bilen hyzmatdaşlykda önümleriniň görnüşini artdyrdy. Ol ESMO belgili 25% we 40% ýagly maýonez önümçiligini özleşdirdi. Şu ýylyň fewral aýynda çigit ýagyny gaýtadan işleýän we «Hazyna» ady bilen maýonez öndürýän bölümde dürli tärde bişirilýän iýmit taýýarlamak üçin ösümlik-mal ýagy garyndysynyň dört görnüşi öndürilip başlandy. Bu önüm süýt ýagyna we ösümlik (günebakar, zeýtun, mekgejöwen, palma we ş.m.) ýaglaryna, dürli maddalar, meselem, gaýmak, süýt we aýran goşulmagy bilen öndürilýär.
«Owadan ülke» zawody Türkmenistanda ilkinji bolup ýerli pagta ýagyndan maýonez we margarin öndürip başlady. Bu möhüm maddany kärhananyň zerurlygy üçin öz içinde taýýarlamak zawodyň işiniň esasy ugurlaryndan biridir. Alnan önüm ondan soň margarin, şokolad we tagamy boýunça adaty ýagdan – günebakar ýagyndan alynýandan kem durmaýan maýonez öndürmek üçin ulanylýar.
Ýerli çig malyň – arassalanan pagta ýagynyň esasynda zawodyň işgärleri soýa we daşary ýurt goşundylaryny goşmazdan, «Nur» we «Mylaýym» söwda ýarlyklary astynda kakaoly we hozly ajaýyp tagam berýän tebigy mäjumyny we «Nur» hem «Hazyna» ýarlykly saryýag öndürmäge başladylar.
Mürepbeleriň görnüşleri artdy. Amatlylyk üçin aýna gaplara salnan erik, ülje, ýertudana, böwürslen mürepbesi satuwa çykaryldy. Konserwlenen gök önümler, hususan-da, mülkdar hojalyklaryndan gelýän ekologiýa taýdan arassa çig maldan zawodda taýýarlanan marinada ýatyrylan kelemdir gök önümler we beýleki datlylar giňden görkezilýär.
Telekeçiler alyjylara «Nur», «Mylaýym» we «Hazyna» söwda ýarlykly uzak saklap bolýan önümiň azyndan ýigrimi görnüşini hödürlediler.
Önümleriň görnüşleriniň artmagy zawodyň hünärmenleriniň köpüsiniň diňe bir içerki bazar üçin däl, eýsem eksport üçin niýetlenen azyk önümleriniň-de hilini ýokarlandyrmaga gönükdirilen üstünlikli işiniň netijesidir.