YLYM WE TEHNIKA
Döwrüň talabyndan ugur alyp
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşiginiň agzasy, «Mynasyp bereket» hususy kärhanasy ildeşlerimiziň Taze ýyl saçagy üçin onlarça azyk önümini hödürleýär. Olaryň arasynda «Agorik» atly öndürilen tagamly, hoşboý ysly köke we guradylan çörek bölejikleri, ýeňiljek nahar görnüşindäki beýleki iýmit önümleri, berhizliler üçin gara çörek we peýniriň käbir görnüşleri bar.
Bu önümler häzirki wagtda diňe Daşoguz welaýatynda däl, eýsem ýurdumyzyň beýleki ýerlerinde hem bellidir. Ýurdumyzyň demirgazygynda döwlet tarapyndan haryt öndürijisine uzak möhletleýin peýdalanmak üçin bölünip berlen ýer böleginde öz önümçilik zolagynyň bolmagy, «Mynasyp bereket» hususy kärhanasyna hil taýdan daşary ýurt önümlerinden pes durmaýan konditer we süýt önümlerini elýeterli bahadan öndürip, satmaga mümkinçilik berýär. Häzir onuň tehniki taýdan oňat enjamlaşdyrylan çörek öndürýän we süýdi gaýtadan işleýän bölümleri bar, bu ýerde Ýewropada öndürilen häzirki zaman ýöriteleşdirilen enjamlar oturdylypdyr.
Geljekde kärhananyň hünärmenleri önüm görnüşlerini ep-esli artdyrmakçy.
Daşoguz welaýatynda häzirki wagtda ykdysadyýetiň azyk pudagyna öz goşantlaryny goşýan birnäçe hususy düzüm üstünlikli işleýär. Olaryň alyp barýan işleri ilatyň ýokary hilli azyk önümlerine bolan islegini kanagatlandyrmaga we döwletimiziň azyk garaşsyzlygyny berkitmäge gönükdirilendir. Şeýle düzümleriň sanynyň köpelmegine ýurdumyzyň ykdysadyýetine häzirki zaman bazar mehanizmleriniň giňden ornaşdyrylmagy we telekeçilik başlangyjyna döwlet tarapyndan berilýän hemmetaraplaýyn goldaw ýardam edýär.