SYÝASAT
Lawrow Aşgabatda Hazarýaka döwletleriniň DIM-niň ýolbaşçylarynyň maslahatyna gatnaşar
Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow 28-nji iýunda Hazarýaka döwletleriniň daşary işler ministrleriniň maslahatyna gatnaşar. Maslahat 29-njy iýunda Aşgabatda geçirilmegi meýilleşdirilýän VI Hazar sammitine taýýarlyk meselelerine bagyşlanar. Bu barada çarşenbe güni RF-niň DIM-niň resmi wekili Mariýa Zaharowa brifingiň barşynda beýan etdi.
Hazarýaka döwletleriniň daşary işler ministrleriniň şu formatdaky öňki duşuşygy Aktau şäherinde geçirildi. Belläp geçsek, 2018-nji ýylyň 11-nji awgustynda Gazagystanda geçen V Hazar sammitinde taryhy resminama — Hazar deňziniň hukuk derejesi hakynda Konwensiýa gol çekildi. Aşgabatda geçiriljek duşuşykda bolsa, Hazar deňzinde hyzmatdaşlyga syn bermek we Prezidentleriň duşuşygyna taýýarlygyň çäklerinde özara hereketleri maslahatlaşmak meýilleşdirilýär.