Täzelikler

SAHYPA TAPYLMADY


SYÝASAT

Garabogazda avtomobil köprüsiniň gurluşygyna başlanar

Garabogazda avtomobil köprüsiniň gurluşygyna başlanar

Garabogazda avtomobil köprüsiniň gurluşygyna başlanar

Украина «Альтком» gurluşyk kompaniýasy Garabogaz kölüni Hazar deňzi bilen birleşdirýän bogazyň üstünden geçýän avtomobil köprüsiniň gurluşygyna başlar. Gol çekilen resminamalara laýyklykda, Türkmenbaşydan Gazagystanyň serhedine çenli köpriniň gurluşygy 2022-nji ýylyň iýul aýynda başlanyp, 2024-nji ýylyň iýun aýynda doly tamamlanar. Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentliginiň taslama institutynyň hünärmenleriniň taslamasy boýunça ol uzynlygy 354 metr, ini 17 metr we aýlagdan 7 metr beýiklikdäki dört zolakly (her tarapyna iki zolakly) Gazagystan serhedine çenli desga bolar. Mundan başga-da, kompaniýa oňa barýan iki müň metr uzynlykdaky ýollary-da gurar diýip, «Türkmenistan: Altyn asyr» saýtynda habar berildi.
Täze inženerçilik desga iki zolakly, häzirki ulag gatnawyna laýyk gelmeýän köne köprä derek gurlar. Täze köpriniň ganatlary 110 we 64 metrlik demirden, şeýle hem köp ýük göterijilik we desganyň durnuklylygyny upjün etjek demir-beton pürslerden ýerine ýetiriler. Köprüde pyýadalar üçin emeli yşykly we germewli ini iki metr zolak-da bolar.
Köpri Türkmenistan — Gazagystan ulag gatnawynda wajyp desga bolar. Ol Türkmenistanyň Günbatarynda döredilýän logistika ulgamynyň bir bölegidir. Onuň üstünden geçýän awtomobil ýoly Aşgabat — Türkmenbaşy multimodal ýolunyň dowamy bolup, Türkmenistan bilen Gazagystany birleşdirer, bu bolsa ulag akymyny we iki ýurduň arasynda haryt dolanşygygynyň möçberini artdyrmaga.