YLYM WE TEHNIKA
2022-nji ýylda «Merkezi Aziýa — Hytaý» gaz geçirijisi boýunça 43,2 mlrd kub metr gaz iberildi
Merkezi Aziýa – Hytaý gaz geçirijisi boýunça 2022-nji ýylda Hytaýa 43,2 milliard kub metr tebigy gaz iberildi. Bu barada Xinhua habarlar agentligi PipeChina West Pipeline Company hytaý kompaniýasynyň täzelenen maglumatlaryna esaslanyp habar berýär.
Şeýle hem bellenilişi ýaly, häzirki wagtda bu turba geçiriji boýunça günde 100 mln kub metre çenli tebigy gaz iberilýär. Kompaniýanyň maglumatlaryna görä, gündelik ibermeleriň maksimal möçberi 163 mln kub metrden geçdi.
2009-njy ýylyň ahyrynda işe girizilen gaz geçiriji Özbegistanyň we Gazagystanyň üstünden geçip, Sinzýan-Uýgur awtonom etrabynda Horgos serhet geçelgesinde Günbatar-Gündogar hytaý gaz geçirijisi bilen birleşýär.
«Merkezi Aziýa – Hytaý» gaz geçirijisi «mawy ýangyç» bilen 27 etrapda, merkezi dolandyryşly şäherleri we HHR-iň awtonom etraplaryny, şeýle hem Gonkong administratiw etrabyny 500 mln adamy üpjün edýär.