YLYM WE TEHNIKA
«Milli önüm» kärhanasy 2022-nji ýylda 129 tonna polipropilen sapagyny eksport etdi
«Milli önüm» hususy kärhanasy geçen 2022-nji ýylda 129 tonna polipropilen sapagyny eksport etdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi habar beriş serişdeleri habar berýär.
Türkmenistanyň senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Milli önüm» kärhanasynda polipropilen gaýtadan işlenilip, polipropilen sapagy öndürilýär. Ol oba hojalygynda giňden peýdalanylýar. Geçen ýylyň başyndan bäri kärhanada bu önümiň 493 tonnasy öndürildi.
Belläp geçsek, önümçilik üçin çig mal Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyndan, şeýle hem Gyýanly polimer zawodyndan alynýar.
Germaniýanyň we Türkiýäniň öňdebaryjy enjamlary oturdylan kärhana her aýda 50 tonna polipropilen gaýtadan işleýär. 1,3-den 5 kg çenli möçberde öndürilýän polipropilen sapagy aýratyn islegden peýdalanylýar.
2016-njy ýylda işine başlan «Milli önüm» hususy kärhanasy häzirki wagtda içeri bazary üpjün etmek bilen bir hatarda, öz önümlerini Azerbaýjan, Gruziýa, şeýle hem Gazagystan we Özbegistan ýaly ýurtlara eksport edýär.
Dolulygyna awtomatlaşdyrylan kärhanada 33 sany ýokary hünär taýýarlykly hünärmenler zähmet çekýär.