SYÝAHAT
«Türkmenistan» awiakompaniýasynyň Russiýadaky baş agentligi mart aýy üçin petekleriň satuwyna başlady
«Türkmenistan» awiakompaniýasynyň Russiýadaky baş agentligi 2023-nji ýylyň mart aýy üçin Moskwa — Aşgabat we Kazan — Aşgabat ugurlary boýunça howa
petekleriniň satuwyna başlady.2023-nji ýylyň mart aýy üçin Türkmenistanyň raýatlary üçin Moskwadan Aşgabat şäherine howa peteginiň bahasy 28,439 rubl (
2022-nji ýylyň 19-njy ýanwaryna çenli), Kazandan Aşgabat şäherine bolsa 27,389 rubldyr. «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň uçuşlary üçin howa peteklerini Russiýa Federasiýasyndaky Baş agentliginiň resmi
web sahypasyndan, şeýle hem Moskwa, Kazan we Sankt-Peterburgdaky satuw ofislerinde satyn alyp bilersiňiz.
«Türkmenistan» awiakompaniýasynyň Russiýadan uçýan uçarlarynyň 1-nji fewraldan Aşgabat şäherine ugrukdyryljakdygyny ýatladýarys. Häzirki wagta çenli «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň Kazandan gaýdyp gelýän uçarlary Türkmenabat (Lebap welaýaty) howa menziline we Moskwadan gaýdyp gelýän uçarlary bolsa Türkmenbaşy (Balkan welaýaty) howa menziline gonýardy.
«Türkmenistan» awiakompaniýasy aşakdaky tertip boýunça Moskwa we Kazandan Aşgabat şäherine yzygiderli gatnawlary amala aşyra