Täzelikler

SAHYPA TAPYLMADY


SYÝASAT

Türkmenistanyň daşary işler ministri Aşgabatda Hytaýyň ilçisi bilen duşuşdy

Şu gün Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Sýan Naýçen bilen duşuşygy geçirildi.
Gepleşikleriň dowamynda taraplar ähli ugurlar boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösüş depginini kanagatlanma bilen belläp, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlyk bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Bu barada ministrligiň resmi saýtynda habar berildi.
Diplomatlar Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň we Halk wekilleriniň ählihytaý ýygnagynyň arasyndaky parlamentara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak meselelerine aýratyn üns berdiler, şeýle hem özara gyzyklanma bildirilýän sebit we halkara meseleleriniň üstünde durup geçdiler.
Taraplar ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmekde hem-de sebit we halkara gatnaşyklary ösdürmekde iki ýurduň mümkinçiliklerini ulanmagyň oňyn taraplaryna ýokary baha berdiler. Mundan başga-da ulag, energetika, oba hojalygy ýaly ugurlar boýunça bilelikdäki işleri dowam etmek teklibiniň wajypdygy bellenildi.