SYÝAHAT
«Turkish Airlines» Türkmenbaşydan Stambula we yzyna gaýdyş ugurlarynyň petekleriniň bahasyny arzanlatdy
«Turkish Airlines» Türkmenbaşydan Stambula we yzyna gaýdyş gatnawlarynyň petekleriniň bahasyny arzanlatdy diýip,
«Atavatan Türkmenistan» habar berýär.
Petekler indi onlaýn satyn alnanda 351 dollar. Türkmenbaşydan (KRW) Stambula (IST) hepdede iki gezek — sişenbe we penşenbe günleri uçuşlar bar.
Aşgabatdan (ASB) Stambula (IST) petekleriň we uçuşlaryň bahasy — bir ugura 367 dollar. Uçuşlar hepdede dört gezek — sişenbe, penşenbe, şenbe we ýekşenbe günlerinde amala aşyrylýar.
Ozal kompaniýanyň şäher ofisi «Berkarar» söwda-dynç alyş merkezinde ýerleşýärdi.
Awiakompaniýa 1933-nji ýylda içerki uçuşlar üçin döredildi. 1947-nji ýylda «Türk Howaýollarynyň» ilkinji yzygiderli halkara uçuşlar amala aşyryldy. Stambulyň täze howa menzilinde ýerleşýän bu iri awiakompaniýa 120 ýurtdaky 220 daşary ýurt howa menziline yzygiderli gatnawlary amala aşyrýar. Awiakompaniýanyň howa floty häzirki wagtda 300-den gowrak uçary öz içine alýar, olaryň köpüsi «Airbus» we «Boeing»-iň häzirki zaman uçarlarydyr.