Täzelikler

SAHYPA TAPYLMADY


Bilim

Terjime bäsleşigine badalga berler

“Maru – şahu jahan” Mary welaýat gazeti Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat geňeşi hem-de “Miras” okuw merkezi bilen bilelikde terjime bäsleşigini yglan eder. Bäsleşigiň şertlerine laýyklykda, ýaşlar (35 ýaşa çenli) iňlis hem-de rus dillerinde ýazylan hekaýalary, tymsallary, ertekileri, daşary ýurt degişmelerini, täsinlikleri türkmen diline terjime edip, “Maru – şahu jahan” Mary welaýat gazetiniň redaksiýasyna ugratmaly. Terjimeleriň manysy hem mazmuny terbiýeçilik äheňinde bolmagy hökman talap edilýär. Bäsleşik fewral aýynyň 23-inden başlaýar we awgust aýynyň 1-ne çenli terjimeler kabul ediler. Onuň netijesi awgust aýynyň soňky günlerinde yglan edilip, ýeňijiler belli bolar.
Bäsleşikde ýeňiji bolanlara Hormat hatlar we sowgatlar gowşurylar, şeýle-de, “Miras” okuw merkeziniň okuw töleglerine ýeňillikler dörediler. Doly maglumaty almak üçin (8522) 7-02-11 telefon belgisine jaň edip bilersiňiz.