Bilim
“Ýaş terjimeçiniň ussatlygyny” aýan edýän bäsleşik başlady
Ýakynda “Merw newsda” habar berşimiz ýaly, 23-nji fewralda terjime bäsleşigi başlady. 14 ýaşdan 35 ýaşa çenli ýurdumyzyň ýokary okuw we orta hünär okuw mekdepleriniň hem-de Mary welaýatynyň ýaşlarynyň terjimelerine uly sabyrsyzlyk bilen garaşylýar. Terjimeler “Maru – şahu jahan” welaýat gazetiniň redaksiýasyna ugradylmaly. Redaksiýanyň salgysy: Mary şäheri, Magtymguly köçesiniň 35-nji jaýy. Habarlaşmak üçin telefon belgisi: (8522 7-02-11).
Bäsleşigiň şertleri bilen tanyş bolalyň:
Iňlis we rus dillerinde ýazylan kiçi göwrümli hekaýalardyr tymsallary, ertekileri, daşary ýurt degişmeleri, täsinlikleri türkmen diline terjime etmeli.
Terjimeleri we terjimäniň asyl nusgasyny hem-de bäsleşige gatnaşyjynyň özi barada giňişleýin maglumaty (ady, familiýasy, doglan senesi, okaýan ýa-da işleýän, ýaşaýan ýeriniň anyk salgysy, iş, öý ýa-da el telefon belgisi) ýazylmaly we redaksiýa ugradylmaly.
Terjimeleriň manysyna, mazmunyna, terbiýeçilik ähmiýetine uly üns beriljekdir.
Bäsleşigiň jemleri şu ýylyň awgust aýynda jemleniler.
Bellik: bäsleşik iki topar boýunça geçirilýär:
1-nji topar: 14-den – 20 ýaşa çenli;
2-nji topar: 21-den – 35 ýaşa çenli.
Düzgünnamany halk köpçüligine ýaýradanymyzda “Bäsleşigiň ýeňijilerine näme bar?” diýen sorag bilen bize ýüzlendiler. Düzgünnama laýyklykda bäsleşikde şu aşakdaky baýrakly orunlar bellenilýär:
Her topar boýunça:
Bir sany birinji baýrak.
Iki sany ikinji baýrak
Üç sany üçünji baýrak
Iki sany höweslendiriji baýrak
Ýeňijiler Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat geňeşiniň, «Maru – şahu jahan» welaýat gazetiniň hem-de «Miras» Hojalyk jemgyýetiniň «Miras» okuw merkeziniň Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglanarlar, şeýle hem ýeňiji bolanlara «Miras» Hojalyk jemgyýetiniň «Miras» okuw merkeziniň okuw töleglerinde (birinji orna 50%, ikinji orna 25%, üçinji orna 15%) ýeňillikler dörediler.