SYÝASAT
Türkmenistanyň içeri işler ministrine käýinç yglan edildi
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi. Onuň dowamynda Türkmenistanyň içeri işler ministri M.Hydyrow şu ýylyň ýedi aýynda ministrlik tarapyndan ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Ministriň hasabatynda bellenilşi ýaly, Türkmenistanda jemgyýetçilik tertibini üpjün etmek, hukuk bozulmalarynyň öňüni almak, şol sanda awtoulag ýollarynda ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak boýunça çäreler geçirildi. Şeýle hem ministr ýangyn howpsuzlygy gullugynyň işini kämilleşdirmek, tomus paslynda Türkmenistanyň ähli künjeklerinde ýangyna garşy kadalaryň üpjün edilmegi boýunça geçirilen işler barada hasabat berdi.
Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin, içeri işler ministri Muhammet Hydyrowa käýinç yglan etdi.