Sport
Marynyň ýaş futbolçylary Türkmenistanyň birinjiliginde bürünç medalyna mynasyp boldular
23-nji martda badalga alan sportuň futbol görnüşi boýunça Türkmenistanyň birinjiligini almak ugrundaky ýaryş 2010-2011-nji ýyllarda doglan ýetginjekleriň arasynda geçirildi. Tapgyrlaýyn geçirilen ýaryş diýseň gyzykly hem çekeleşikli geçip, oňa ýurdumyzyň welaýatlarynyň hem-de Aşgabat şäheriniň futbol toparlary gatnaşdylar.
Gatnaşyjy toparlar “A” we “B” toparçalara bölünip, birnäçe günläp ýaryşdylar. Şu gün – 28-nji martda bu ýaryşyň jemleýji duşuşyklary geçirildi. Mary welaýatynyň ýaş futbolçylary hem bu ýaryşa gatnaşyp, öz erjelliklerini, tälimçileriniň ussatlygyny görkezdiler. Has takygy, “Mary” futbol topary ilkinji ýaryşlarda öňe saýlanmagy başardy. Ýagny, “Mary” “Ahalyň” toparyny 5:0 hasabynda utdy, “Balkan” toparyndan 3:2 hasapda üstün çykmagy başardy. “Marynyň” “Aşgabat” topary bilen bolan duşuşygy 2:1 hasabynda tamamlandy.
Ýarym finalda “Mary” “Batly” bilen duşuşyp, onuň esasy wagty 0:0 hasapda tamamlady, penalti urgularynda bolsa “Batly” “Mary” bilen duşuşygy 7:6 hasapda ýapdy. “Lebap” bilen bolan ýarymfinal duşuşygynda “Mary” esasy wagtda 0:0, penalti urgularynda bolsa, 4:3 hasapda oýny jemledi. Netijede, Marynyň ýaş futbolçylary bürünç medalyna – baýrakly 3-nji orna mynasyp boldular.
Şeýle uly üstünlik tälimçiler Muhammet Mollaýewiň, Gurbanmuhammet Gurbanmuhammedowyň, Akmyrat Jumanazarowyň çeken zähmetiniň ýerine düşendigini aýan etdi. Bu üstünlik diňe bir tälimçileriň däl, eýsem welaýatymyzyň abraýyna uly goşant boldy. “Marynyň” ýaş hem erjel oýunçylary, sizi, bu üstünlikli ýeňşiňiz bilen gutlaýarys!