Umuman aýdanyňda, dünýäde soňky iki aýyň dowamynda ýokanjyň ýaýrama depgini gowşaýar, hususan-da, soňky hepde ol 12% peseldi. Şeýle-de bolsa, planetada has ýokançly bolan täze ştammlary we olaryň görnüşlerini hasaba almak dowam edýär.
Ýaňy-ýakyna çenli koronawirusyň barmadyk ýurtlarynyň hataryna 11 müň ilaty bolan kiçiräk ada döwleti Nauru hem girýärdi, ýöne aprel aýynyň başynda ol ýerde üç kesel hadysasynyň ýüze çykarylandygy belli boldy.
Şeýlelik bilen, häzirki wagtda diňe iki ýurtda – Türkmenistan bilen Ýuwaş ummanyndaky Tuwalu döwletinde kowid hadysasy resmi taýdan hasaba alynmady. Muňa ýardam eden esasy faktor hökmünde daşky dünýäden üzňe bolmak hasaplanýar.
Geçen hepde ondan öňki hepde bilen (25-nji aprel – 1-nji maý) deňeşdirilende kesellänleriň sanynyň azalandygy Günorta-Gündogar Aziýada (minus 29%), Gündogar Ortaýer deňzinde (minus 28%) we Ýewropada (minus 26%) hasaba alyndy. Kesel derejesi Amerikada (+14%) we Afrikada (+12%) köpeldi. Bir hepdede kesellänleriň (451,4 müň) we aradan çykanlaryň (2,65 müň) iň ýokary sany ABŞ-da hasaba alyndy. Kesel derejesi ýokary bolan döwletleriň bäşligine Awstraliýa (431,4 müň), Germaniýa (427 müň), Italiýa (304,5 müň) we Koreýa Respublikasy hem (268,7 müň) girýär.
BSGG-niň maglumatlaryna görä, dünýäde ýaýraýan esasy ştamm “omikron” bolmagynda galýar.