SYÝASAT
Türkmenistanyň Prezidenti Döwlet gümrük gullugynyň başlygyna berk käýinç yglan etdi
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi. Onuň dowamynda Döwlet gümrük gullugynyň başlygy M.Hudaýgulyýew şu ýylyň ýedi aýynda geçirilen işleriň netijeleri, degişli kanunçylygyň düzgünlerini berjaý etmek, ozal berlen tabşyryklary ýerine ýetirmek maksady bilen amala aşyrylýan işler barada hasabat berdi.
«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin, Döwlet gümrük gullugynyň başlygy Maksat Hudaýgulyýewe berk käýinç yglan etdi. Şeýle-de ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmegi oňa soňky gezek duýdurdy