SYÝASAT
«Türkmen maýa goýum kompaniýasy» ÝGPJ işewürleri hyzmatdaşlyk etmäge çagyrýar
«Türkmen maýa goýum kompaniýasy» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti işewürleri maýa goýum amallary pudagynda hyzmatdaşlyk etmäge çagyrýar. Bu barada «Turkmenportal» web saýtynyň redaksiýasyna Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky habar berýär.
Maýa goýum kompaniýasynyň işewürler bilen hyzmatdaşlyk açmak we bu ugurdaky gatnaşyklary ilerletmek babatdaky maksatlary halkara maliýe guramalary bilen hyzmatdaşlyk etmegiň esasynda Türkmenistanda döwrebap maýa goýum tejribelerini ornaşdyrmak bilen bagly wezipelerden gelip çykýar. Şunuň bilen baglylykda, bu çemeleşmeler ýurtda maýa goýum syýasatynyň mümkinçilikli pudaklar bilen baglylykda häzirki zaman derejede alnyp barylmagyny nazarda tutýar.
«Türkmen maýa goýum kompaniýasy» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi Ösüş Gaznasynyň bilelikde gatnaşmagynda Türkmenistanyň maýa goýum syýasatyny dünýä tejribesine laýyklykda özgertmek maksady bilen döredildi.
Habarlaşmak üçin:
- Salgysy: Aşgabat ş. Garaşsyzlyk şaýoly, 32 jaýy (TDDYIB);
- Telefon belgimiz: (+99312) 40 63 36, 40 63 27, 40 63 30;
- Elektron poçta salgymyz: turkmeninvest@gmail.com.