Täzelikler

SAHYPA TAPYLMADY


SAGLYK

Döwrebap dermanhana açyldy

Düýn Mary şäheriniň Garaşsyzlyk köçesiniň ugrunda döwrebap dermanhana açylyp, ulanylmaga berildi. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy “Tebigat çeşmesi” hususy kärhanasynyň dermanhanasynyň meýdany 500 inedördül metr bolmak bilen, onda ähli amatly şertler döredilipdir.
Onuň derman serişdeleri, lukmançylyk enjamlary, ammar bölümleri bolup, ol Türkmenistanda öndürilen we Ýewropa döwletleriniň öňdebaryjy öndürijileriniň dermanlyk ösümlikleri, derman serişdeleri we lukmançylyk enjamlary, weterinariýa derman serişdeleri bilen üpjün edilipdir. Dermanhana bölümleri we töleg nokatlary döwrebap enjamlary bilen enjamlaşdyrylyp, sanly ulgama birikdirilipdir. Onda ýokary derejeli hünärmenler zähmet çekip, olar arakesmesiz hem-de dynç günsüz işläp, halkyň hyzmatynda bolarlar.
Dermanhananyň açylan güni ol ýerde aýdym-sazly dabaralara giň orun berildi. Ol ýerde Wekilbazar etrabynyň ýaşaýjysy, Türkmenistanyň hormatly il ýaşulusy Allaýar Allakow, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Ýusup Annaýew, dermanhananyň müdiri Çarymuhammet Nepesow, dermanhananyň hünärmeni Sülgün Mülkamanowa çykyş etdiler. Çykyş edenler ýurdumyzda ynsan saglygy ugrunda alnyp barylýan beýik başlangyçlar, dermanhananyň mümkinçilikleri dogrusynda nygtadylar hem-de döwrebap dermanhananyň işiniň ileri bolmagyny arzuw etdiler. Soňra açylyş dabarasyna gatnaşyjylar dermanhananyň içine aýlanyp gördüler we onuň mümkinçilikleri bilen tanyş boldular.