YLYM WE TEHNIKA
Apple USB Type-C zarýad berijili iPhone-y synag edýär
Amerikanyň Apple kompaniýasy häzirki wagtda täze iPhone-nyň prototipini synagdan geçirýär. Onda kompaniýanyň gurluşlaryna mahsus bolan adaty Lightning zarýadkasy üçin porta derek beýleki öndürijileriň köpsanly modellerine mahsus bolan USB Type-C üçin kese deşik bolar. Bu barada anna güni Bloomberg agentligi habar berýär diýip,
TASS habar berdi.
Eger kompaniýa şeýle gurluşlary bazara çykarmak kararyna geläýse, onda olar 2023-nji ýyldan bärde çykmaz, sebäbi bu ýylyň täze telefonlarynda Lightning portlary bolar diýip, bellenýär.
Telefonlara şolar ýaly portlary oturtmak bilen, kompaniýa ulanyjylara zarýad berijiniň şol bir simine Apple-iň dürli gurluşlaryny birikdirmäge mümkinçilik berer. Sebäbi öndürijiniň gajetleriniň bir bölegi eýýäm eýýäm USB-C bilen enjamlaşdyrylan: mysal üçin, iPad-iň köp planşetleri we Mac noutbuklary.
Geçen ýylyň sentýabrynda Ýewrokomissiýa Ýewropa Bileleşigi ýurtlarynda ähli smartfonlaryň, planşetleriň, foto we diwokameralaryň, oýun prsitawkalarynyň zarýad berijileri üçin USB-C girişli standarty girizmegi teklip etdi. Apple şol wagt Ýewrokomissiýanyň bu teklibiniň tehnologiýalar ulgamynda innowasiýalary ornaşdyrmaga päsgel berjekdigini belledi.