SYÝASAT
Türkmenistan we Aýlagdaky Arap Döwletleriniň Hyzmatdaşlyk Geňeşi bilen hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnama gol çekdiler
Wise-premýer, Daşary işler ministri R.Meredow bilen Aýlagdaky Arap Döwletleriniň Hyzmatdaşlyk Geňeşiniň Baş sekretary Naýef Falah Mubarak Al-Hajrafyň arasynda geçirilen duşuşygyň barşynda Türkmenistan bilen Aýlagdaky Arap Döwletleriniň Hyzmatdaşlyk Geňeşiniň gatnaşyklaryny mundan beýläk hem ösdürmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy diýip, türkmen daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.
«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen duşuşykda Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Aýlagdaky Arap Döwletleriniň Hyzmatdaşlyk Heňeşiniň Baş sekretariatynyň arasynda geňeşmeleriň guraly barada Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.
Beş sekretar şeýle hem Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ýangyç-energetika toplumyna, şeýle hem söwda toplumyna gözegçilik edýän orunbasarlary, Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň baş direktory bilen duşuşyk geçirdi.
Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen Aýlagdaky Arap Döwletleriniň Hyzmatdaşlyk Geňeşiniň arasynda gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Ulag-logistika ulgamynda hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmeginiň, şeýle hem energetika pudagynda hyzmatdaşlygyň giňeldilmeginiň, harytlaryň we hyzmatlaryň görnüşleriniň, özara haryt dolanyşygynyň möçberleriniň mundan beýläk-de artdyrylmagynyň möhümdigi bellenildi.
Aýlagdaky Arap Döwletleriniň Hyzmatdaşlyk Geňeşi — düzümine Bahreýn, Kuweýt, Oman, Katar, Saud Arabystany we Birleşen Arap Emirlikleri girýän sebitleýin hökümetara, syýasy we ykdysady bileleşikdir. Ştab-kwartirasy Saud Arabystanynyň paýtagty Er-Riýadda ýerleşen gurama 1981-nji ýylyň 25-nji maýynda döredildi.