SYÝASAT
Şerepli ýatagynda tebigy gazyň senagat akymy alyndy
«Türkmengaz» döwlet konserniniň «Türkmengazburawlaýyş» müdirliginiň gazçylary Mary welaýatynyň çäginde konsern tarapyndan işlenip düzülen meýilnama laýyklykda, birbada üç sany täze gaz ýatagynda giň gerimli buraw işlerini amala aşyrýarlar. Geologlar tarapyndan geçirilen buraw işleriniň netijesinde Şerepli gaz ýatagyndan № 01 ulanyş-bahalandyryş guýusyndan tebigy gazyň senagat akymy alyndy.
Guýynyň taslama çuňlugy 2600 metre barabar. Müdirligiň ýokary hünär taýýarlykly gazçylaryna 2330 metr çuňlukdan «mawy ýangyjyň» kuwwatly senagat akymyny almak başartdy. Sazlaşykly hem öndümli iş ýarym ýyllap dowam etdi. Hünärmenleriň pikirine görä, guýynyň gündelik debiti 695 müň kub metr tebigy gaza barabar. Bu hili başlangyç möçber bu ýatagyň geljeginiň uludygyna yanm etmäge esas berýär. Täze ýatagyň önüminiň esasy häsiýetli aýratynlygy tebigy gazyň düzüminde kükürt wodorodynyň ýokdugydyr.
Häzirki wagtda Mary welaýatynyň çäginde ýerleşen Kelleli we Ýylan täze gaz ýataklarynda buraw işleri ýokary depginde dowam edýär. Ýakyn günlerde Şerepli gaz ýatagynda № 02 ulanyş-bahalandyryş guýusyny burawlamaga girişmek meýilleşdirilýär.