Bilim
Şadyýan tomus–2023
Ýurdumyzyň ähli ýerinde bolşy ýaly, biziň welaýatymyzda hem çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezleri hereket edip, onda çagalaryň döwrebap dynç almagy üçin ähli şertler bar. Şolaryň biri-de “Arkadagyň bagtyýar nesilleri” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezidir.
Tomsuň ilkinji gününden, has takygy şu gün ir säher bilen mekdep okuwçylarynyň 300-si elleri dürli reňkli şarly bezelen awtobuslara münüp, uly şatlyk-şowhun bilen “Bagtyýarlyk” seýilgähinden çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezine tarap ugradylar. Bu ýerde bagtyýar çagalaryň şanyna aýdym-sazly dabaralar guraldy.
Welaýat häkimliginiň, welaýat baş bilim müdirliginiň, welaýat medeniýet müdirliginiň bilelikde guramagynda merkeziň howlusynda ajaýyp çykyşlara giň orun berildi. Ondaky çagalar we ýetginjekler döredijilik öýüniň çagalar toparlarynyň taýýarlan çykyşlary-da has-da täsirli boldy.
Tomusky dynç alyş günlerini “Arkadagyň bagtyýar nesilleri” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde geçirýän her bir çaganyň kalby alkyşly sözlerden doly. Olar çagalaryň bagtyýar, bolelin durmuşda ýaşamagy üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.
Sülgün ŞADYÝEWA.
Surata düşüren Şamyrat AMADOW.