Täzelikler

SAHYPA TAPYLMADY


Sport

FUTBOLDA ÜSTÜNLIK

Futbol ýaryşlarynda kubok ugrundaky bäsleşige aýratyn orun degişlidir. Kubok gazanmak her bir toparyň baş arzuwydyr.
Ýakynda Mary şäheriniň “Bagtyýarlyk” sport desgasynda  sportuň futbol görnüşi boýunça Mary welaýatynyň kubogyny almak ugrunda ýaryş geçirildi. Şol ýaryşa Mary şäheriniň №5 sport mekdebiniň  tälimçi-mugallymy Orazow Nazaryň taýýarlaýan türgenleri gatnaşyp, 8 toparyň arasynda  III orna mynasyp boldular. 
Bularyň ählisi hormatly Prezidentimiziň türkmen ýaşlaryna görkezýän görüm-göreldesiniň, olaryň sagdyn bedenli, giň gözýetimli bolup ýetişmekleri üçin siňdirýän yhlasynyň, döredip berýän giň mümkinçilikleriniň aýdyň miwesidir. Halkymyzyň bagtly-bagtyýar ýaşaýşyny kemala getirmekde, her bir raýatymyzyň beden taýdan sagdyn bolup ýetişmekleri ugrunda yhlasyny siňdirip zähmet çekýän hormatly Prezidentimiziň, Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak, tutumly işleri rowaç alsyn.  

Habyrow Röwşen Mary şäheriniň №5 sport mekdebiniň tälimçi-mugallym