BAE-niň Prezidentlik işleri ministrliginiň habar bermegine görä, ol ýurduň Konstitusiýasynyň 51-nji maddasyna laýyklykda, bu wezipä biragyzdan saýlanyldy.
Öň
habar berlişi ýaly, Birleşen Arap Emirlikleriniň (BAE) Prezidenti Halifa ben Zaýed Al Nahaýýan uzak dowam eden keselden soň, 73 ýaşynda aradan çykdy.
Halifa ben Zaýed Al Nahaýýan 2004-nji ýyldan bäri Prezidenti wezipesinde oturýardy. Şol bir wagtyň özünde ol Birleşen Arap Emirlikleriniň Ýaragly Güýçleriniň Ýokary Serkerdebaşysy wezipesini eýeleýärdi.
Soňky ýyllarda Prezident döwleti dolandyrmaklygy Abu-Dabiniň mirasdüşer şazadasy Şeýh Muhammed Bin Zaýed Al Nahaýýana tabşyryp, döwlet işleri bilen asla meşgullanmmaýar diýen ýalydy.
BAE-niň Prezidentiniň aradan çykmagy mynasybetli ýurtda 40 gün matam yglan edildi.