SYÝASAT
Türkmenistanda 30 müňe golaý goşmaça iş orny dörediler
Türkmenistanda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň mejlisinde kabul edilen «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyna» laýyklykda, şeýle-de häzirki wagtda dünýäde çylşyrymly ýagdaýlaryň bolup geçýändigi, dünýä bazarlarynyň we söwda akymlarynyň üýtgäp durýandygy göz öňünde tutulyp, Türkmenistany 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Prezident Maksatnamasy işlenip taýýarlanyldy we tassyklanyldy.
Maksatnamada Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň häzirki ýagdaýy seljerilip, ýurdy 2022 — 2028-nji ýyllarda durnukly ösdürmegiň döwlet syýasaty kesgitlenilýär. Şoňa laýyklykda, 2028-nji ýyla çenli döwürde ýurduň jemi içerki önüminiň ösüş depginini 6,7 göterimden pes bolmadyk derejede gazanmaga mümkinçilik dörär. Ýurt boýunça bölek satuw haryt dolanyşygy ýokarlanar we onuň möçberi (ýerlemegiň ähli ugurlary boýunça) 14,5 göterim artar. Daşary söwda dolanyşygynyň möçberi 1,9 esse artyp, aratapawut 1,9 esse ýokarlanar. Jemi içerki önümiň möçberindäki döwlete dahylsyz bölegiň paýy 72 göterime ýeter. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berilýär.
Zähmet haklarynyň möçberi 1,8 esse artar. Ykdysadyýetiň ähli pudaklary boýunça 30 müňe golaý goşmaça iş orny dörediler, ýaşaýyş jaýlarynyň adam başyna düşýän umumy meýdany 102,2 göterim artar, mekdebe çenli çagalar edaralarynyň 40-sy, umumy bilim edaralarynyň 54-si, ýokary hünär bilimi edaralarynyň 4-si, 10 sany döwrebap hassahana gurlar, 7 sany medeniýet öýi bina ediler.
Prezident Maksatnamasynda öňde goýlan sepgitlere ýetmek maksady bilen, ýurduň önümçilik kuwwatyny has-da pugtalandyrmaga we täzelemäge, durmuş ulgamyny ösdürmäge 278,9 milliard ma-natdan gowrak maýa goýumlar gönükdiriler.