Täzelikler

SAHYPA TAPYLMADY


MEDENIÝET

Aşgabatdaky «Daşkent» seýilgähiniň açylyşyna taýýarlyk görülýär

Aşgabat şäheriniň Magtymguly şaýolunyň ugrunda türkmen-özbek dostlugynyň hormatyna «Daşkent» medeni dynç alyş seýilgähi guruldy. «Güneş» seýilgähiniň çäginde gurlan bu toplumyň gurluşygyny Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Zehinli iş» hojalyk jemgyýeti alyp bardy

Takmynan 30 müň inedördül metr meýdanda ýerleşýän seýilgähde gök öwüsýän zolaklar, ýodaly landşaft bagy, şeýle hem özbek paýtagtynyň gözel ýerlerini ýada salýan ýigrimiden gowrak desga bar. Onuň girelgesinde monumental «Ezgulik» (gowy we asylly islegler) derwezesi ýerleşýär. Daşkentde şunuň ýaly derweze, ýagny arka bilen «Garaşsyzlyk» meýdanynyň girelgesi bezelipdir. Daşkentde Özbegistan bilen Türkmenistanyň dostlugynyň hatyrasyna «Aşgabat» seýilgähiniň açylandygyny ozal habar beripdik.

«Türkmenistan: Altyn asyr» saýtynyň habar berşi ýaly, häzirki günlerde seýilgähiň açylyşyna taýýarlyk görülýär. Şol mynasybetli Aşgabat şäheriniň 2-nji sungat mekdebiniň çagalar hory ýörite aýdym-sazlary çykyşlara taýýarlyk görýärler. Olar açylyş dabarasynda dost-doganlyk aýdymlary bilen birlikde, «Jüýjelerim» atly türkmen we özbek halklarynda meşhur bolan çagalar aýdymyny hem ýerine ýetirmegi meýilleşdirýärler. Ol aýdymyň türkmen we özbek dillerinde aýdylmagyna garaşylýar.
Ozal habar berşimiz ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti şu ýylyň 14-15-nji iýulynda Özbegistan Respublikasyna amala aşyran döwlet saparynyň çäklerinde Aşgabadyň merkezinde gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýan «Daşkent» seýilgähiniň açylyşynyň çuňňur manyly, möhüm waka boljakdygyny nygtady.
Iki döwletiň Baştutanlary köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenme bilen çykyş edenlerinde, özbek Lideri Şawkat Mirziýoýew türkmen kärdeşine Türkmenistana çakylygy üçin hoşallyk bildirip, saparynyň çäklerinde Aşgabat şäherinde gurulýan «Daşkent» seýilgähiniň açylyş dabarasynyň meýilleşdirilýändigini belledi.
— Häzirki wagtda «Aşgabat» seýilgähi Daşkendiň ýaşaýjylarynyň we myhmanlarynyň dynç almaklary üçin iň gelim-gidimli ýerleriň biridir. Türkmen paýtagtyndaky «Daşkent» seýilgähiniň hem şeýle özüne çekiji, ajaýyp ýerleriň biri boljakdygyna ynanýaryn — diýip, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew nygtady.