Sport
Welosipedde Türkiýä ugran gyrgyz ýaşulusy Türkmenistana geler
Şu gün Gyrgyz Respublikasynyň Oş şäheriniň ýaşaýjysy, 75 ýaşly Mamyt Taştanow IV Çarwadarlaryň Bütindünýä oýunlaryna gatnaşmak üçin, Türkiýe Respublikasynyň Bursa şäherine welosipedli ýola düşdi. Gyrgyzystanyň Oş şäheriniň merkezi meýdançasynda ony syýahata ugratmak dabarasy geçirildi diýip, «Kabar» habarlar agentligi ýazýar.
Habarda beýan edilişine görä, uzak syýahata welosipedli atlanan Mamyt Taştanowy ugratmak dabarasyna Oş şäheriniň ýolbaşçylar düzümi, medeniýet işgärleri, habar beriş serişdeleriniň we ýerli jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşypdyrlar
Ýeri gelende bellesek, özüniň bu ýörişi arkaly türki dilli döwletleriň dostlugyny berkitmegi maksat edinen gyrgyz ýaşulusy M.Taştanow Çarwadarlaryň Bütindünýä oýunlarynyň geçiriljek ýeri bolan Türkiýäniň Bursa şäherine barmak üçin, öz welosipedi bilen 5 döwletiň – Özbegistanyň, Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Azerbaýjanyň, Ermenistanyň üstünden geçer.