Täzelikler

SAHYPA TAPYLMADY


Bilim

Kitapsöýerleriň bäsleşiginiň jemi jemlendi

Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary şäher geňeşiniň hem-de “Miras” hojalyk jemgyýetiniň “Miras” okuw merkeziniň bilelikde guramagynda Mary welaýatynyň ýaşaýjylarynyň arasynda “Kitapsöýerleriň bäsleşigi” atly kitap okamak boýunça bäsleşik geçirildi. 
Türkmenistanda Ýaşlar baradaky Döwlet syýasatynyň 2021-2025-nji ýyllar üçin Döwlet Maksatnamasyny amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasynyň 18-nji bendinden ugur alyp, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe  ýaş nesilleriň ruhubelent, ylymly-bilimli, päk ahlakly, ata Watanymyza we halkymyza wepaly nesiller bolup ýetişmeklerini gazanmak, kitap okamaga çekmek, zehinlerini ýüze çykarmak, olaryň ýatkeşligini ýokarlandyrmak maksady bilen geçirilen bäsleşikde gatnaşyjylar Žýul Werniň “Ýeriň daş-töweregine 80 günde” atly kitaby boýunça test tabşyrdylar we öz ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Netijede, emin agzalarynyň adalatly baha bermeginde ýeňijiler öňe saýlandy. 

Ýeňiji bolan kitapsöýüjilere Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary şäher geňeşiniň hem-de “Miras” hojalyk jemgyýetiniň “Miras” okuw merkeziniň Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak üçin geçirilen dabarada ýaýbaňlandyrylan “Joşgun” çagalar we ýetginjekler döredijilik öýüniň gurnak ýolbaşçysy Mähri Hommadowanyň taýýarlan körpejeleriniň aýdym-sazly çykyşlary gatnaşyjylarda ýakymly ýatlamalary galdyrdy. Ýerine ýetirilen ajaýyp tanslar bolsa, gatnaşyjylara ruhy lezzet paýlady.

Myrat HANOW.
TMÝG-niň Mary şäher geňeşiniň baş hünärmeni.